Gel, üşeme, penjegimi ýapaýyn,
Seniň üçin süýji sözler tapaýyn.
Saňa gelen belany men gapaýyn,
Diýsem saňa,
Bagryma gan öýýärsiň.
Başyň ýaýkap:
— Bolmaz, oglan — diýýärsiň.
Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň?
Arzuw bilen şu kenara gelemde,
Elleriňi gysanymda elimde,
Ezelenip, birje öpjek bolamda,
Ýüregimiň towsuşyny duýýarsyň.
Başyň ýaýkap:
— Bolmaz, oglan — diýýärsiň.
Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň?
Gaçma menden, toý tutaly ýaz bilen,
Gül ömrümiz geçsin aýdym-saz bilen,
Ah, nädeýin, dile düşmez gyz bilen?
Diýsem, ýene
Gazap donun geýýärsiň.
Başyň ýaýkap:
— Bolmaz, oglan — diýýärsiň.
Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň?
Derdim duýup, salmaýarsyň ýadyňa,
Gurban bolsa, naýynsap gyz, adyňa.
Diýsem: köýýän, ýanyp barýan oduňa,
Sen gülýärsiň:
— Haýsy oda köýýärsiň?
Başyň ýaýkap:
— Bolmaz, oglan — diýýärsiň.
Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň?
Ata ATAJANOW.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.