Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Marydaky Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda ,,Bitaraplyk mekany-baky bagyň mukamy“ atly maslahat geçirilip, oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda halkara gatnaşyklarynyň durnukly hem dostlukly häsiýete geçmeginde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, türkmen Bitaraplygyna halkara derejesiniň berilendigi we Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygy barada çuň we manyly gürrüňler edildi. Bu ýerde çykyp geplänler okatmagyň döwrebap usullary we bilim ulgamynda informasion tehnologiýalary ulanmagyň düzgünleri dogrusynda-da aýratyn nygtadylar. Bu ýerde talyp ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň erkana Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy we ýaşyl joşgununy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna hem uly orun berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza akyş sözlerini aýdyp, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.
Maýa Annameredowa.








