Ýakynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de ady agzalan mekdebiň bilelikde guramagynda “Bitaraplyk baýramy — dost-doganlyk baýramy” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan maslahata mugallymlar hem-de talyplar gatnaşdylar.
Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Bibihatyja Hatamowa hem-de hukuk gözegçisi Gülälek Mämmedowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Göwher Gutlyýewa we şol mekdebiň talyby Akjagül Annagurbanowa çykyş etdiler. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna uly taýýarlyk görülýändigi, ýurdumyzyň 30 ýylyň içinde halkara gatnaşyklarynda uly ösüş-özgerişlere eýe bolandygy, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mekdebiň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlary diňlediler. Ýaňlanan şirin owazlarda ata Watanymyzyň waspy ýetirildi.
Amandurdy ŞADYÝEW.








