Bilimli nesil — kuwwatly Watan
weather mary 20° C Mary
weather mary 20° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

6 21.04.2026

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan beýik özgertmelerine esaslanyp, yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy Maral Allaberdiýewadyr.
Maral mugallym 2004-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny üstünlikli tamamlap, Mary şäherindäki 3-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Bu ýerde iki ýyl okuwçylara iňlis dili dersi boýunça bilim berýär. Soňra häzirki işleýän mekdebinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Mugallym ýaş nesilleriň dil endigini ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalardan, kompýuterden hem-de multimediýa tagtasyndan peýdalanyp bilim berýär. Ol okuwçylaryň iňlis dilinde oňat gürleşip, birek-birek bilen pikir alşyp bilmegi üçin sapak wagtynda dürli bäsleşikleri guraýar. Şeýle-de, Maral mugallymyň okuwçylary “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň şäher, welaýat, döwlet tapgyrlarynda ýokary netijeleri gazanyp, öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar. 
Mugallym şäher, welaýat derejelerinde göreldeli sapaklary geçirýär we öz iş tejribesini paýlaşýar. Onuň sapagy alyp barşy ýokary bahalara mynasyp bolýar. Munuň özi mugallymyň ussatlygyny äşgär edýär. 
 

16
16 29.04.2026
Zenanlar bäsleşdiler

        Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarlarynyň bilelikde  guramaklarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän  edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň  etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Welaýatyň Sakarçäge we Murgap etrap medeniýet öýünde etrap medeniýet bölümleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Sakarçäge, Murgap etrap bölümleriniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge, Murgap etrap birleşmeleriniň bilelikde  gurnamaklarynda „Zergärçilik sungatym- miras daragtym“ atly bäsleşigiň etrap tapgyrlary geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar  özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen  el işleriniň we  milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Sakarçäge we Murgap etrap bölümleriniň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, folklor çykyşlaram giň gerimde ýaýbaňlandy. Bagtyýarlyk döwrümiziň tarypyny ýetirýän şowhunly çykyşlar bäsleşige gatnaşanlaryň ruhuny göterdi. Egsilmejek ruhubelentlige beslenip geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan bagtyýar zenanlar halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

12
12 29.04.2026
Ýüwrük ýaryşda belli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklara uzaýan milli atşynaslygyň gadymy mirasyny dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara beslenip giňden bellenilip geçildi. Gadymy Mary topragynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Dabaranyň geçen ýeri bolan welaýat atçylyk sport toplumynda atçapyşygyna gelen toý märekesini, bedew janköýerlerini medeniýet we sungat işgärleri, çagalar döredijilik toparlary aýdym-saz, tans bilen garşy aldylar. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy alyslara ýaýrap, toý dabarasyny has-da şowhuna besledi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşyklary gyzykly we dabaraly häsiýete eýe boldy. At çapyşygy jemi bäş çapuwdan ybarat boldy.  Birinji çapyşykda üçýaşar atlaryň bäşisi 1200 metr aralyga güýç synanyşmak üçin çapuw ýodasyna çykdylar. Bu çapyşykda welaýat häkimligine degişli Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 25,69 sekunt wagtda pellehana gelmegi başardy. Ýeňiji bolan atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary T.Annaçaryýew. Ikinji çapyşyga gatnaşan dokuz sany üçýaşar atlaryň arasyndan saýlanyp M.Orazmyradowyň hojalygyna degişli Düşümli atly al at 1 minut 35,74 sekunt wagt bilen ýeňiji bolmagy başardy. Atyň seýsi M.Orazmyradow, çapyksuwary R.Rahmanow. Atlar 1400 metr aralyga çapuwa goýberildi.  Üçünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga bolup, oňa üçýaşar atlaryň dokuzysy gatnaşdy. B.Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 33,69 sekunt wagt bilen gelmegi başaryp, ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Dördünji çapyşyk dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 2000 metr aralyga çapuwa goýberildi. Mary welaýat gümrük gullugyna degişli Goçýigit atly dor at 2 minut 14,95 sekunt wagtda pelehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary Ý.Amannazarow. Jemleýji, bäşinji çapyşyk hem dörtýaşar we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirildi. Muhammet Balkan hojalyk jemgyýetine degişli bolan Alsakar atly al gysrak 2000 metr aralygy 2 minut 15,84 sekunt wagt bilen geçip, alty atyň arasynda ýeňiji boldy. Onuň seýsi A.Ýazlyýew, çapyksuwary D.Begmedow. At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleri we ildeşlerimiz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

14
14 29.04.2026
Erteki hakykata öwrülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda çagalar bagynda terbiýelenilýän körpejelerimiziň zehinli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.  Golaýda welaýat kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, körpejeleriniň gatnaşmagynda “Erteki hakykata öwrülýär” ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşda körpejelere türkmen halk ertekileri bolan “Ejekejan”, “Öwez”, “Mämmetjan”, “Üç çopan” we çagalara niýetlenen goşguly kitaplar çeper, labyzly okaldy. Şeýle-de, körpejeler bilen “Kim bilmeşek” atly oýun guralyp, ertekilerden sowal-jogap alşyldy.  Ertekileri uly höwes bilen diňläp, çeper okaýşa, sowal-jogap alyşmaga işjeň gatnaşan körpejelerimiz wagtlaryny örän hoş geçirdiler.  Aýsoltan PIRIÝEWA.  

14
14 29.04.2026
Täsirli boldy

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň saglygy ugrunda ençeme işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy hakynda täsirli gürrüň edildi.  Öwezmyrat KAKABAÝEW.  

15
15 29.04.2026
Bellenilen kadalar berjaý edilmelidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata edilýän bank hyzmatynyň hilini döwrebaplaşdyrmakda degerli işler ýola goýulýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde bolsa bank hyzmatynyň hili ösüşli döwrüň talabyna laýyklykda ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet-täjirçilik bankynyň Murgap etrap şahamçasynda guralan duşuşyk gürrüňi edilýän meselä bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap prokuraturasynyň we ady agzalan şahamçanyň işgärleri gatnaşdylar.  Duşuşykda etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist Rejep Myradow, Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-niň Murgap etrap şahamçasynyň dolandyryjysy Döwlet Berkeliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler müşderilere bank hyzmaty ýola goýlanda bellenilen kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň derwaýysdygynyň üstünde durup geçdiler. Ilata bank hyzmatyny etmekde has netijeli tagallalaryň alnyp barylýandygy barada gürrüň etdiler. Eziz GYZYLOW.  

11
11 29.04.2026
Sagdyn jemgyýetde — nurana geljek

Ýakynda şeýle at bilen welaýat kitaphanasynda kitaphananyň hem-de Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Sagdyn jemgyýetde — nurana geljek” ady bilen maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Akmaral Sammyýewa, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülnur Muhammedowa hem-de şol mekdebiň talyplary Gülkamar Saragytlyýewa, Gurbanmyrat Muhadow, Mähriban Merdanowa, Enejan Gulowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda beýik işleriň ýola goýulýandygy, bular babatynda söz açýan ajaýyp kitaplaryň ýaşlaryň ýankitabyna öwrülendigi, olaryň giň many-mazmuna eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, talyplar sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän ajaýyp goşgulary okadylar.  Altyn GAŞLAKOWA.  

10
10 29.04.2026
Milli miras — nesillere görelde

Golaýda  etrap medeniýet bölüminiň mejlisler zalynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap häkimliginiň, medeniýet we bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk milli mirasymyzyň özboluşlylygyny, halkymyzyň medeni mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamak we giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy.  “Milli miras — nesillere görelde” atly wagyz-nesihat duşuşygynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Tylla Rahmedowa, etrapdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow, etrabyň Hasyl geňeşliginiň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň medeni mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna uly sarpa goýýandygy, ýaşlaryň edepli-ekramly bolup ýetişmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar däp-dessurlarymyzy has-da ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Babajan MUHAMMEDOW.  

10
10 29.04.2026
Ahlak terbiýesine bagyşlanyldy

Şu günler ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Etrabymyzdaky 14-nji orta mekdepde bolan wagyz-nesihat çäresi hem gyz maşgalanyň ahlak terbiýesine bagyşlanyldy. Oňa etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mährem eneler we mugallymlardyr ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdylar.  Wagyz-nesihat çäresinde etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap häkimliginiň bölüm müdiri, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Ymamgulyýewa, etrabyň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Ogulgerek Şakulyýewa, 14-nji orta mekdebiň şepagat uýasy Dursun Akmyradowa, TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Sülgün Akmyradowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dürli Setdarowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Tylla Rahmedowa, çykyş etdiler. Çykyşlarda maşgala mukaddesligi, gyz maşgalanyň ahlak terbiýesi, görüm-göreldesi, arassalygy hem-de köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, milli el işleriniň gymmaty dogrusynda täsirli gürrüň edildi.  Şeýle hem bu ýerde ýaşlary gyzyklandyrýan durmuş meseleleri barada sowal-jogap alşyldy.  Myratly AMANNAÝEW.   

14
14 29.04.2026
Ukyp. Başarnyk. Zehin.

Dünýä belli alymlaryň biri: “Okamasyny başarsaň, her bir ynsan açylmadyk kitapdyr” diýip, jaýdar belleýär. Elbetde, her bir ynsanyň bir zada ukyby bolýar. Bu bolsa şol ynsanyň çagalygyndan belli bolýar. Ene-atasynyň, mugallymlarynyň goldamagy netijesinde her bir çagada ukyp-başarnyk ýüze çykýar. Biziň gürrüňini etjek bolýan sporta höwesek, zehinli ýaşlarymyzyň biri hem Abdyrahym Öwezgylyjowdyr. A. Öwezgylyjow 2006 — 2017-nji ýyllarda Mary şäherindäki 11-nji orta mekdebi oňat bahalar bilen okady. Ol sapaklaryndan daşary sport bilen içgin gyzyklanyp başlady. Küşt, şaşka oýunlary onuň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Abdyrahym orta mekdepden boş wagtlary Mary şäherindäki “Pälwan” sport mekdebine gatnady. Sport mekdebiniň tälimçisi Mahym Gurdowa Abdyrahymyň küşt, şaşka oýunlaryna höwesekdigini aňyp, oňa bu oýunlaryň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwretdi. A.Öwezgylyjowyň bilesigelijilikli, irginsiz zähmeti oňa şöhrat getirdi. Ol 2022-nji ýylda Mary şäherinde geçirilen “Daýanç hereket süňňi şikesli” erkek türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionatynda 1-nji orny, 2024-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen “Daýanç hereket süňňi şikesli” erkek türgenleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň şahsy çempionatynda 3-nji orny eýelemegi başardy. Bu üstünlikler Abdyrahymyň özi bilen bir hatarda ene-atasyny, doganlaryny, mugallymlaryny, diýseň, begendirdi. Biz hem zehinli türgenimiz Abdyrahym Öwezgylyjowyň sport älemindäki üstünlikleriniň şowly, dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Aýparça AKYMOWA.  

14
14 29.04.2026
Täsirli boldy

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň saglygy ugrunda ençeme işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy hakynda täsirli gürrüň edildi.  Öwezmyrat KAKABAÝEW.  

15
15 29.04.2026
Bellenilen kadalar berjaý edilmelidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata edilýän bank hyzmatynyň hilini döwrebaplaşdyrmakda degerli işler ýola goýulýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde bolsa bank hyzmatynyň hili ösüşli döwrüň talabyna laýyklykda ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet-täjirçilik bankynyň Murgap etrap şahamçasynda guralan duşuşyk gürrüňi edilýän meselä bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap prokuraturasynyň we ady agzalan şahamçanyň işgärleri gatnaşdylar.  Duşuşykda etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist Rejep Myradow, Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-niň Murgap etrap şahamçasynyň dolandyryjysy Döwlet Berkeliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler müşderilere bank hyzmaty ýola goýlanda bellenilen kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň derwaýysdygynyň üstünde durup geçdiler. Ilata bank hyzmatyny etmekde has netijeli tagallalaryň alnyp barylýandygy barada gürrüň etdiler. Eziz GYZYLOW.  

14
14 29.04.2026
Bäsleşikde özboluşly millilik ruhy çaýyldy

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarlarynyň bilelikde yglan eden halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän  edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň  etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň birem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň guramagynda  Sakarçäge  etrap medeniýet öýünde „Zergärçilik sungatym- miras daragtym“ atly bäsleşigiň Sakarçäge etrap tapgyry geçirilip, ol egsilmejek ruhubelentlige beslendi. Bäsleşigiň bu tapgyryna etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşan zenanlar  özleriniň döredijilik ussatlyklary, ukyp-başarnyklary we öňde goýlan maksatlary boýunça çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçýän ýerinde muzeý gymmatlyklarynyň, haly we haly önümleriniň, ene-mamalarymyzdan miras galan, nepislik bilen bezelen  el işleriniň we  milli toý lybaslarynyň görnüşleriniň giň gerimde ýaýbaňlanan sergisem oňa özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşikde has tapawutly çykyş edip, ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary etrap bölüminiň ýörite taýýarlan sowgatlary gowşuryldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi. Bäsleşige gatnaşanlar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň päk kalplaryndan çykýan ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

36
36 21.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirilip, ol Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy buýrosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberde harytlyk gazy çykarmak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasyna bagyşlanyldy. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy mynasybetli geçirilen hoşallyk maslahatynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allagulyýew, Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Annamyrat Hotjyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar “Galkynyş” gaz käniniň çäginde düýbi tutulan desganyň tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Täze desganyň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna mümkinçilik berjekdigi dogrusynda durup geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.

38
38 21.04.2026
Syýasy söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň Mary welaýat, Mary şäher Wekilbazar etrap komitetleriniň Mary welaýat medeniýet müdirligi bilen  bilelikde  gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş saparlarynyň jemleri, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň  jemleri barada syýasy söhbetdeşligi   geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Mary welaýatyna bolan iş saparynda welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutup bermegi hem-de Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli Halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, partiýanyň işjeň agzalarynyň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürip bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda döwletli tutumyň başyny başlap, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüni tutup bermegi Mary welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynda begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki bu şäherçäniň gurulmagy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary göteriljekligine bolan ynamy has-da berkidýär -diýip, uly buýsanç bilen bellediler. şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş sapary wagtynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga bermegi hem ýurdumyzda ulag-logistika pudagynyň belent derejelerde ösdürilýänligine şaýatlyk edýänligi dogrusynda-da aýratyn belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa.

54
54 15.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Golaýda welaýat häkimliginde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Lalmämmet Resulow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, Ýolöten etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Peraýtun Jumaýewa, Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl oba saglyk öýüniň lukmany Dürbibi Gulamowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler  barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy.  Hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.  Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.  

57
57 15.04.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym“ atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat şäher ,etrap geňeşliginiň işjeň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar raýatlaryň asuda , bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar hem-de ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan we ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň  adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

68
68 09.04.2026
Geljegi aýdyň täze şäherçe

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda  ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň  ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.  Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Baýram AMANOW.

56
56 08.04.2026
Bähbitli işleriň rowaç gadamlary

Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar. Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly       Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar. Baýram AMANOW.

1514
1514 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1305
1305 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1554
1554 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1487
1487 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1442
1442 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1653
1653 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1234
1234 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1494
1494 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.