Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp, bu babatynda degişli işler dowamly durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biziň Ýolöten etrabyndaky “Nowça” atly 10-njy çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, bilimli bolmagy üçin ençeme işler alnyp barylýar.
Körpelere okatmagyň täze usullaryndan ugur alnyp, şeýle hem dürli görkezme esbaplaryndan peýdalanylyp döwrebap bilim berilýär. Çaganyň aňyna çalt täsir etmek maksady bilen olar dürli oýunlaryň üsti bilen sapak geçýärler. Ýurdumyzdaky her bir geçirilýän baýramçylyklarda bolsa, terbiýeçilerimiz körpeleriň gatnaşmagynda baýramçylyk çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olaryň irginsiz yhlasy bilen çagalarymyz etrap, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Çagalar bakja-bagymyzyň abraýyny ýokarlandyrmakda janaýaman zähmet çekýän terbiýeçileriň arasyndan Orazgül Geldekowanyň, Sona Şaýymowanyň, Gunça Orazberdiýewanyň, Gülälek Hojagulyýewanyň, Jemal Jumaýewanyň atlaryny uly buýsanç bilen aýtmak bolýar.
Ogulsona JUMAGELDIÝEWA.