Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem 2025 – 2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimlerde alnyp barylýar. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda welaýat merkezi Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebinde maslahat geçirilip, oňa köp sanly bilim işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, birek-birek bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilen maslahatyň dowamynda geçen okuw ýylynyň jemleri we täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler, çagalara berilýän bilimi çuňlaşdyrmak, olary watançylyk ruhynda terbiýelemek barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Bilim işgärleriniň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge döredip berýän şertleri üçin maslahata gatnaşan bilim işgärleri Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahata gatnaşanlar bilim işgärleriniň elde ýasan okuw görkezme esbaplarynyň sergisini hem uly gyzyklanma bilen synladylar.
Toýmyrat NURYÝEW.