Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda bilim işgärleriniň iş tejribelerini öwrenmek maksady bilen usuly-amaly maslahat geçirilip, oňa welaýatyň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary çagalar edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Mary şäherindäki 47-nji çagalar bagynda geçirilen bu maslahatda Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilişi, bu ugurda alnyp barylýan netijeli işler, şeýle hem bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, olaryň arasynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlary milli ruhda terbiýelemek dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işleri, olaryň aň-düşünjelerini ösdürmekde geçirilýän okuw sapaklary barada hem bu maslahatda aýratyn bellenildi.
Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösürmekde uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maslahata gatnaşanlar soňra bilim işgärleriniň okuw görkezme esbaplaryndan gurnalan serginem uly höwes bilen synladylar.
Merjen Çaryýarowa.