Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Bilim baýlygy kitapdyr” atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we şäherdäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Humaý Amanowa, welaýat kitaphanasynyň işgäri, IÝG-niň başlygy Akjemal Agaýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda kitaba goýulýan sarpa barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler dogrusynda durup geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi hem-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň artdyrylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA