Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar we kitaphananyň okyjylary, terbiýeçilerdir mugallymlar gatnaşdylar.
Etrap merkezi kitaphanasynda geçirilen maslahatda kitaphananyň direktory Ejebaý Atagarryýewa, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň işgäri Ogulsuraý Artykowa, etrapdaky 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Çynar Gurbannazarowa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gyzylgül Ahmedowa we kitaphananyň okyjylary çykyş etdiler. Kitaphanada geçirilen maslahatda okyjylar ajaýyp goşgulary labyzly okamak bilen, ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan uly işleriniň waspyny ýetirdiler. Şeýle-de, çykyş edenler ýurdumyzyň bilim, medeniýet ulgamlarynda gazanylýan beýik üstünlikler hakynda aýtdylar.
Altyn AKYMOWA.