Golaýda şeýle at bilen welaýatymyzdaky “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TAP-nyň welaýat, Mary şäher, Mary etrap komitetleriniň guramagynda geçirilen çärä merkeziň işgärleri, şeýle-de wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TAP-nyň Mary etrap komitetiniň hünärmeni Laçyn Ataýewa, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Mekan Annadurdyýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň sagdyn, ruhubelent, ösen dünýägaraýyşly bolmagy, wagtlarynyň şadyýan geçmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty hakynda durup geçdiler.
Çäräniň ahyrynda merkezde zähmet çekýän mugallymlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Durdynabat BAÝRAMOWA.