Golaýda Mary etrap hassahanasynyň ýygnaklar jaýynda hassahananyň şahamçalarynyň we saglyk merkezleriniň lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda ýangyn howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary etrap ÝHB etrap hassahanasy bilen bilelikde guradylar.
Duşuşykda etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Akmyrat Amandurdyýew, welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary etrap ÝHB-niň Döwlet ýangyn gözegçiligi bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Pälwan Sapargylyjow çykyş etdiler. Olar saglygy goraýyş edaralarynda berk berjaý edilmeli ýangyn howpsuzlygynyň talaplary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Gürrüňi edilýän meselede etrap hassahananyň şahamçalarynda we saglyk merkezlerinde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň aýratynlyklarynyň üstünde durup geçdiler. Çykyş edenler ýygnananlara saglygy goraýyş edaralarynda ýangynlaryň öňüni almaga gönükdirilen talaplar barada täsirli gürrüň berdiler.
Oraz SAPAROW.








