Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda ady agzalan mekdepde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň şanly toýy mynasybetli çäreleri guramak we Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan belent sepgitleri ýaşlara wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň direktory Merdangeldi Paşykow, mekdep direktorynyň orunbasary Garry Agageldiýew, mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Şamuhammet Ataýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynda belent sepgitlere ýetilýändigi, ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmekde hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda bimöçber işleriň alnyp barylýandygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýuny uly ruhubelentlikde geçirmekde birnäçe çäreleriň guralýandygy, şol ýyllaryň içinde Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA.








