Türkmen halysy dünýäniň çeperçilik sungatynyň genji-hazynasydyr. Sungatyň iň ýokary derejesine ýetirilen, dünýä gözelliginde görnükli orun tutýan bu ajaýyp senediň köp asyrlyk taryhy bar. Onda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan geçmişi, şu güni, ertirki aýdyň geljegi şöhlelenýär. Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan gözellik sungatynyň reňkleri müňlerçe ýyllaryň dowamynda işlenipdir hem-de kämilleşipdir. Türkmen halysyna salnan nagyşlaryň reňkleriniň öçmezligi dünýäniň haly sungatyny öwrenijiler üçin heniz hem syrlygyna galýar. Kämillik derejesine ýetirilen bu sungat öz göllerinde we nagyşlarynda ata-babalarymyzyň durmuşy, ruhy dünýäsi baradaky maglumatlary jemleýär.
Golaýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň deňsiz-taýsyz gözelligini we nepisligini äleme ýaýmakda çekýän yhlasly zähmeti we görkezen hünär ussatlygy üçin we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeper elli halyçylarymyzyň ençemesi belent ada eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen maňa-da “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu gün meniň buýsanjymyň çägi ýok.
Men indi birnäçe ýyl bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň gözegçi ussasy bolup zähmet çekýärin. Ýurdumyzda päk zähmete uly sarpa goýulýar. Bu bolsa, bize öňküden-de joşup işlemäge güýç-kuwwat berýär.
Biz — halyçy gyz-gelinleriň zähmetine ýokary baha berip, nepis sungatymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Orazgözel PÄLWANOWA.








