Şu gün ir säher bilen Mary şäheriniň Kemine, Gowşut han, Mollanepes köçeleriniň ugry bilen welosipedli ýöriş guraldy. Hatar gurap ýörişe gatnaşan welosipedli ildeşlerimiz bu ýerlerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara, ajaýyp tanslara, görkezme sport çykyşlarydyr maşklaryna ýolboýy syn etdiler. Şeýle täsirli çykyşlar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş baýdagyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy. Ýolboýy şäheriň ajaýyp binalarynyň öňünde guralan baýramçylyk konsertleri welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda şatlyk duýgusyny döretdi. Sport tanslarydyr aýdymlary bolsa, hemmelere ruhy lezzet paýlady.
Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, talyplaryň, türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda guralan welosipedli ýöriş hemmeler üçin, diýseň, täsirli boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlanan welosipedli ýöriş örän gyzykly geçdi. Ýörişiň tamamlanan ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar hemmeleriň kalbyny joşa getirdi.