Mary welaýatynda Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň – altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu ders bäsleşigi on iki ugur boýunça geçirilip, oňa ders bäsleşiginiň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan hem-de adaty we ýöriteleşdirilen synplaryň okuwçylarynyň uly topary gatnaşdy. Bäsleşigiň ýumuşlary Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan hödürlendi. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim derejelerini kämilleşdirmek barada berýän tabşyryklaryny we bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly geçirilen bu ders bäsleşigi mekdep okuwçylarynyň zehin başarnyklaryny açyp görkezdi. Ders bäsleşigine gatnaşan 11-nji we 12-nji synplaryň okuwçylarynyň birnäçesi esasan himiýa, informatika, astronomiýa, iňlis dili we başga-da birnäçe dersler boýunça berlen bäsleşigiň ýumuşlaryny dogry we takyk ýerine ýetirmegi başardylar. Mekdep okuwçylarynyň berlen ýumuşlary ýerine ýetirişlerine bäsleşigiň eminler topary tarapyndan hem mynasyp baha berildi. Netijede bäsleşigiň şertine görä dersleriň her ugry boýunça ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda öz zehinlerini, başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylarynyň birnäçesi ýeňiji bolup, olar ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Çarymuhammet Saparow.








