Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli yglan eden ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-nji, 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda “Merdana nesil-2025” atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu bäsleşige, Mary welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçy oglanlary gatnaşyp, olar özleriniň döredijilik ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşan merdana nesiller Watana, il-güne, ýurdumyzyň ösüşlerine bolan ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, şorta sözleri aýtmak we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiz barada edýän bimöçber aladalaryny, bagtyýar çagalygy wasp edip goşgydyr, aýdymlary ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça çykyş edip, bu ýere gelen deň-duşlaryna ruhy lezzet paýladylar. ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren her bir çykyşlary olaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza, erkana Watanymyza we ajaýyp zamanamyza bolan guwanjynyň hem buýsanjynyň aýdyň alamaty boldy. Bäsleşikde tapawutlanyp ýeňiş gazanan oglanlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan oglanlar bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Göwher Ataýewa.








