Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz – 2026” atly şadyýan bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň gurnamagynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna şäher, etrap saýlama tapgyrlarynda saýlanan eýjejik gyzlaryň uly topary gatnaşyp, olar bu ýerde öz şadyýan çykyşlaryny belent joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan rowaç işlerini, Ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy we dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirmek, milliliklerimizi wasp edip goşgy okamak we ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriniň görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bu ýerde has ezberlik bilen çykyş edip tapawutlanan gyzjagazlar ýeňiji boldular we hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Dursun Ilbegiýewa.








