Basketbol
ýaryşlarynda birinjiligini almak ugrundaky bäsleşige aýratyn orun degişlidir. Birinjiligi
almak her bir toparyň baş arzuwydyr.
Ýakynda Mary
şäheriniň №5 sport mekdebinde sportuň basketbol
görnüşi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.
Şol ýaryşa Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň
tälimçi-mugallymy Ahmet Ýusupowyň taýýarlaýan türgenleri gatnaşyp, 8
toparyň arasynda II orna mynasyp
boldular.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna görkezýän görüm-göreldesiniň, olaryň sagdyn bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin siňdirýän yhlasynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň miwesidir. Halkymyzyň bagtly-bagtyýar ýaşaýşyny kemala getirmekde, her bir raýatymyzyň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny siňdirip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn.
Taýýarlan: Röwşen Habyrow Mary şäheriniň N5 sport mekdebiniň tälimçi mugallymy