Şu gün, 3-nji aprelde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň merkezi duşuşygy “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” toparlarynyň arasynda geçirilendigini bellemek gerek. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Altyn Asyr” topary garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Tapgyryň oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda “Merw” myhmançylykda “Energetigi” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Köpetdag” bilen “Şagadam” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk hem myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy (1:4).
Bu tapgyryň ilkinji duşuşygy 2-nji aprelde geçirilip, onuň netijesinde “Arkadag” topary 8:1 hasabynda”Aşgabat” toparyndan üstün çykypdy.
Şeýlelikde geçirilen oýunlardan soň 12 utukdan toplan “Arkadag” topary öňdäki orny eýeleýär. “Şagadam”, “Ahal” hem-de “Merw” toparlary geçiren duşuşyklarynda 9 utukdan topladylar.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary 6-njy aprelde geçiriler: “Şagadam” – “Energetik”, “Arkadag” – “Köpetdag”, “Altyn Asyr” – “Aşgabat”, “Nebitçi” – “Ahal”.
5-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Köpetdag” – “Şagadam” – 1:4
Gollar: 13 Şiri Annaýew (“Köpetdag”) – 10 Röwşen Baýlyýew, 29 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow, 45 Arslan Ýollyýew, 54 Hydyrgeldi Atdjanow (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 31 Şiri Annaýew, 53 Orazgeldi Seýidow, 86 Niýazmyrat Kulýazow, 87 Batyr Täçnazarow (“Köpetdag”) – 84 Ýunus Orazmämmedow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Köpetdag” (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: P.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
“Energetik” – “Merw” – 0:1
Gol: 56 Kemal Annamuhammedow (“Merw”)
Duýduryşlar: 49 Röwşen Hudaýgulyýew, 63 Guwançgeldi Ýagmyrow, 78 Döwlet Baýramow, tälimçi (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
“Ahal” – “Altyn Asyr” – 0:2
Gollar: 26, 38 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 34 Elman Tagaýew (“Ahal”) – 59 Ahmet Ataýew, 63 Hoşgeldi Hojowow, 71 Şöhrat Söýünow, 85 Serdar Annaorazow, 90+7 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)
Meýdandan çykarylan: 90+6 Meýlis Diniýew (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | “Arkadag” FK | 4 | 4 | 0 | 0 | 20-2 | 12 |
2. | “Şagadam” FK | 5 | 3 | 0 | 2 | 8-5 | 9 |
3. | “Ahal” FK | 5 | 3 | 0 | 2 | 8-6 | 9 |
4. | “Merw” FK | 5 | 3 | 0 | 2 | 4-3 | 9 |
5. | “Aşgabat” FK | 5 | 2 | 1 | 2 | 5-9 | 7 |
6. | “Altyn Asyr” FK | 4 | 2 | 0 | 2 | 5-6 | 6 |
7. | “Nebitçi” FK | 4 | 1 | 0 | 3 | 3-9 | 3 |
8. | “Köpetdag” FK | 4 | 0 | 2 | 2 | 3-7 | 2 |
9. | “Energetik” FK | 4 | 0 | 1 | 3 | 1-10 | 1 |