Ýakynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap hassahanasynyň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglygym —baş baýlygym” diýen at bilen saglyk ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda etrap hassahanasynyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Begenç Saparow, etrap hassahanasynyň hünärmeni, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gurbanmyrat Çaryýew çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak hem-de berkitmek ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi, üstümizdäki aýyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýy bolup, bu aýyň dowamynda ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän maşklaryň ýerine ýetirilýändigi, welosipedli ýörişleriň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli guralýandygy barada gürrüň berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler bu çärä gatnaşyjylary Bütindünýä saglyk güni bilen gutladylar. Ynsan saglygyny goramakda, dikeltmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýbölek BEKNEPESOWA.








