Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sporty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de, kiçi ýaşly çagalary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär.
Türkmen sportunyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Ýaş, ezber türgenlerimize döwlet derejesindäki ýaryşlar bilen bir hatarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara hem gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar hem şeýle amatly şertlerden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanyp, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda sportuň has-da ösmegi ugrunda döredilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmen sportunyň gülläp ösmeginde, onuň at-owazasynyň bütin dünýä ýaýramagynda ençeme beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Begenç AMANOW.








