Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda 8-nji martda giň gerimde bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerde okaýan 2007-2009-njy ýyllarda doglan okuwçy gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda futzal boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýerli toparlaryň 6-synyň (2-nji sport mekdebi, 9-njy, 12-nji, 15-nji, 17-nji, 19-njy orta mekdepler) gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik bir aýlawdan ybarat boldy.
Geçirilen duşuşyklarda erjellik görkezen 17-nji orta mekdebi baş baýraga mynasyp boldy. Bu topar geçirilen duşuşyklarda 11 utuk toplamagy başardy. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde 15-nji hem-de 12-nji orta mekdebiň toparlary ornaşdylar.
Baýrak gowşurylyş dabarasynda ýeňiji bolan toparlara medallar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de, aýratyn tapawutlanan oýunçylar dürli ugurly baýraklara mynasyp görüldiler: “Iň ökde derwezeçi” – Romela Osmanowa 17-nji orta mekdep; “Iň ökde goragçy” – Wiktoriýa Rusanowa 15-nji orta mekdep; “Iň ökde hüjümçi” – Bibisara Saryýewa 17-nji orta mekdep.
Bäsleşikde netijeli çykyş eden oýunçylar Balkan welaýatynyň futzal boýunça ýygyndy toparyna düşmegi başardylar.
Ýaryşy Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, Balkan welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Balkan welaýat Futbol federasýasynyň bilelikde gurandyklaryny bellemek gerek.