Düýn welaýat çagalar öýünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli “Bagtyýardyr körpeler Garaşsyz Watanymyzda” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresi şatlyk-şowhuna beslenip, oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Oňa welaýat çagalar öýüniň körpeleri gatnaşyp, olar öz döredijilik ukyplaryny görkezdiler.
Baýramçylyk çäresiniň başynda welaýat çagalar öýüniň direktory Aýnagözel Akgaýewa gutlag sözi bilen çykyş etdi we çagalara geljekde uly üstünlikleri arzuwlady. Soňra çagalar şirinden-şirin aýdymlary, folklor çykyşlaryny, ajaýyp goşgulary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, olar terbiýeçileriniň gurnamagynda dürli oýunlara gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny aýan etdiler. Çagalaryň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisi ajaýyp zamanada ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, gülüp, oýnamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Bibihatyja HATAMOWA.








