Tomus. Bu ajaýyp pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, körpeler bu pasylda okuw möwsümini tamamlap, dynç alyş möwsümine geçýärler. Olaryň hersine özüçe dynç almaga pursat döreýär. Her bir mekdep okuwçysy öz boş wagtyny dürli-dürli geçirýär. Biri oba gezelenje gitse, beýlekisi öýde ene--atasyna kömek edýär, öz söýgüli güýmenjeleri bilen meşgullanýar. Ýöne käbir çaga öz tomusky dynç alşyny ýurdumyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirýär. Ol ýerde öz deň-duşlary bilen oýnap, dürli ýaryşlara gatnaşyp, özara bäsleşýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalaryň şatlanyp, oňat dynç almagy üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem giň mümkinçilikler döredilýär. Tomus paslynyň ilkinji gününden merkeze gadam basan mekdep okuwçylary öz deň-duşlary bilen ýakyndan tanyşýarlar. Olar birek-birek bilen dürli oýunlary oýnap, guralýan sport ýaryşlaryna gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.
Mundan başga-da, biziň welaýatymyzyň bagtyýar çagalary dost-doganlyk mekanyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine hem dynç almaga gidýärler. Bu ýerlerde-de mugallymlar çagalaryň oňat dynç almagy üçin dürli oýunlary, gözel tebigatymyza gezelençleri guraýarlar. Olar körpeleriň aň-düşünjesiniň hemmetaraplaýyn ösmeginde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Sülgün ŞADYÝEWA.