Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe asuda Watanymyzyň nurana gelejegi bolan bagtyýar körpeler hakdaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilýär. Bagtyýar körpeleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesiller bolup ýetişmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, giň mümkinçilikli çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär.
Dünýäniň soňky gazanan ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen şeýle çagalar baglarynyň biri hem Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýerleşýän 13-nji çagalar bagydyr. Bu çagalar bagynda bagtyýar körpejelerimiz bilim işgärleriniň, tejribeli hünärmenleriň ýadawsyz päk zähmeti netijesinde ösüp kemala gelýär. Ähli amatlyklary döredilen bu çagalar bagynda okuw otaglary, sport hem-de aýdym-saz otaglary, ýatylýan otaglar ýaly birnäçe döwrebap otaglar hem bagtyýar körpeleriň ösüp kemala gelmegi üçin niýetlenendir.
Çagalar baglarynda wagtlaryny hoş geçirýän bu körpeleriň arasynda yzygiderli aýdym-saz, tans, sport we surat çekmek ýaly birnäçe gyzykly bäsleşikler gurnalýar hem-de mekdebe çenli çagalaryň okuwa taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Mundan başga-da körpejeler türkmen halk ertekilerinden ajaýyp sahnalara hem tomaşa edýärler. Şeýle ajaýyp çagalar bagynda terbiýelenýän bagtyýar körpejeler özleri üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.
Dursun Ilbegiýewa.