Ajap eýýamymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda nesil terbiýesinde dana pederlerimiziň şu mesele babatda miras galdyran ýol-ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil hakda alada çagalar baglaryndan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän yzygiderli tagallalar eşretli ertirimiziň has-da abadan bolmagyna gönükdirilendir. Ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde çagalar baglarynyň terbiýeçilerdir mugallymlaryna uly orun degişlidir.
Çagalar bagymyzyň şeýle jogapkärçilikli wezipeden ugur alýan işgärleri körpe nesil hakda ýadawsyz alada edýärler. Terbiýeçilerimiz çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmäge çalyşýarlar. Dürli oýunlar, türkmen halk ertekileri esasynda guralýan gysgajyk sahnalar körpelerde uly gyzyklanma döredýär.
Çagalar bagymyzda terbiýelenilýän oglanjyklar we gyzjagazlar dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, şowly çykyş edýärler. Munuň özi päk zähmetimiziň guwançly miwesidir. Dürli bäsleşiklere terbiýeçilerimizdir mugallymlaram yzygiderli gatnaşýarlar. Şu bäsleşikler bize tejribe alyşmakda, hünär taýýarlyklarymyzy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Biz körpe nesil hakda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda has-da yhlasly alada edip, möhüm wezipäniň çözgüdine saldamly goşandymyzy goşýarys.
Jemal ATAÝEWA.








