Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli “Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany” atly tanymal sazandalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary dogrusynda belläp geçdiler hem-de dünýäde dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara-da giň orun berildi.
Maýa Annadurdyýewa.








