Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Mary welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. “Türkmenistan sagdynlygyň we dost-doganlyk gatnaşyklaryň mekany” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary,welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden adamlar saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramçylyklary mynasybetli gutlap,halkymyzyň saglygyny goramakda, lukmançylyk edaralarynyň işlerini kämilleşdirmekde alyp barýan işleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.Täze taryhy eýýamda häzirki zaman saglyk öýleri,döwrebap hassahanalar,ylmy-kliniki merkezler gurlup ulanmaga berilýär-diýlip,dabaradaky çykyşlarda aýratyn bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabarasynda welaýatyň estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglyk ulgamyny ösdürmekde amala aşyrýan rowaç işleri,bu ulgamda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler joşgunly wasp edildi.
Çarymuhammet Saparow.








