Ýakynda çagalar bakja-bagymyzda «Nowruz nagmalary» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirilip, ol şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa şäherdäki çagalar bakja-baglarynyň bagtyýar körpeleri gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan zehinli çagalar aýdym aýtmakda, goşgy okamakda, tans etmekde we folklor çykyşlaryny ýerine ýetirmekde özara bäsleşip, terbiýeçi-mugallymlarda uly täsir galdyrdylar.
Netijede, emin agzalary has tapawutly çykyş eden çagalary ýeňiji diýip, yglan etdiler. Şäherdäki «Güneş» atly 22-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri baş baýraga, «Bahar» atly 15-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri 1-nji, «Bagtyýarlyk» atly 41-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri 2-nji we «Uçgunjyk» atly 7-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baş baýraga mynasyp bolan «Güneş» atly 22-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Maýsagözel BEKIÝEWA.








