Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda bilim işgärleriniň awgust maslahatlary geçirilip, olara welaýatyň bilim edaralarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda geçirilen bu awgust maslahatlarynda edilen çykyşlarda 2024 – 2025-nji okuw ýylynyň ýaşlara bilim, terbiýe bermek işiniň jemleri dogrusynda giňişleýin durlup geçildi hem-de täze, 2025 – 2026-njy okuw ýylynda ýaşlara döwrebap bilim, terbiýe bermek boýunça welaýatyň bilim işgärleriniň öňlerinde durýan anyk wezipeler aýdyň kesgitlenildi.
Mary şäherinde ýerleşýän bilim edaralarynda geçirilýän maslahatlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim, terbiýe bermek işine sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan, ruhubelent adamlar edip ýetişdirmek boýunça öňde goýýan gaýragoýulmasyz wezipelerini ýerine ýetirmekde welaýatyň bilim işgärleriniň alyp barýan maksatnamalaýyn bilim, terbiýeçilik işleri dogrusynda buýsanç bilen bellenilip geçildi.
Maslahatlarda welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň baý iş tejribesini ýaş mugallymlara öwretmek dogrusynda hem giňişleýin pikir alşyldy. Bu maslahatlara gatnaşan bilim işgärleri ýaşlary okatmagyň, olara döwrebap terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça döredip berýän giň şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahatlaryň geçirilýän ýerlerinde täze okuw – görkezme esbaplaryndan we bilim işgärleriniň gollanmalaryndan gurnalan täsirli baý sergiler hem bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň aýdyň subutnamasy boldy.
Merjen ÇARYÝAROWA.