Geçen ýekşenbe güni welaýat atçylyk sport toplumynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Baýramçylyk ruhunda bezelen atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýuna mynasyp şatlyk-şowhuna beslenip, dabarasy dag aşdy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän bu toýda sungat ussatlarynyň Watanymyzyň ägirt uly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işlerini, türkmen bedewlerini wasp edýän aýdym-sazlary ýaňlandy.
Gyzykly geçen bu at çapyşygynyň birinji tapgyry üçýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu tapgyrda 1200 metr aralygy 1 minut 22 sekuntda geçen Almaz atly dor ata taý tapylmady. At S. Gurbanowyň hojalyk aty bolup, ony seýislän seýis Ş. Orazgeldiýew, çapyksuwary B. Gurbanow. Ikinji tapgyra gatnaşan üçýaşar atlar hem 1200 metr aralykda öz ýyndamlygyny görkezdiler. B. Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at 1 minut 20 sekunt wagt bilen hemmelerden öňe saýlandy. Aty seýislän A. Annaýew, çapyksuwary D. Azadow.
Üç ýaşar atlaryň sekizisi gatnaşan üçünji tapgyr hem 1200 metr aralyga geçirildi. M. Seýidowyň hojalyk aty bolan Dorguş atly dor at hem 1 minut 19 sekunt wagt görkezip, beýlekilerden üstün çykdy. Onuň seýsi M. Seýidow, çapyksuwary D. Azadow.
Beýleki tapgyrlardan tapawutly dördünji tapgyra gatnaşan dört we uly ýaşar atlar 1800 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu tapgyrda Toýçy atly mele at 1 minut 2 sekunt wagt bilen 10 atyň içinden saýlanyp, ýeňiji boldy. Bu at R. Läliýewiň hojalygyna degişli bolup, ony Ş. Orazgeldiýew seýisläpdir. Bu ata B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.
Ahyrky bäşinji çapyşykda hem dört we uly ýaşar atlar gatnaşyp, 1800 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň dor gysrak aty Aýmelek öňe saýlandy. Ol bu aralygy 1 minut 29,52 sekuntda geçmegi başardy. Atyň seýsi M. Seýidow, çapyksuwary D. Azadow.
At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleridir tomaşaçylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








