Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklarynyň netijesinde “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy.
Bu tapgyrda “Ahal” topary bilen duşuşan “Arkadag” 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Tapgyryň beýleki duşuşygynda paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary öz meýdanynda “Nebitçini” ýeňlişe sezewar etdi – 2:1.
Şeýlelikde geçirilen duşuşyklardan soň 9 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. “Ahal” toparynyň hem geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplandygyny bellemek gerek. Ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda 7 utuk toplan “Aşgabat” toparlary ornaşdy.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary 2-nji hem-de 3-nji aprelde geçiriler: “Aşgabat” – “Arkadag”, “Köpetdag” – “Şagadam”, “Energetik” – “Merw”, “Ahal” – “Altyn Asyr”.
4-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Arkadag” – “Ahal” – 4:1
Gollar: 10 Welmyrat Ballakow, 45+2 (11 m.j.u.) Arslanmyrat Amanow, 63 Altymyrat Annadurdyýew, 67 Begenç Akmämmedow (“Arkadag”) – 38 Alibek Abdyrahmanow (“Ahal”)
Duýduryşlar: 7 Ybraýym Mämmedow, 36 Mirza Beknazarow (“Arkadag”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Arkadag ş.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
“Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 2:1
Gollar: 17 Selim Nurmyradow, 50 Wahyt Orazsähedow (“Altyn Asyr”) – 53 Myratdurdy Baýramow (“Nebitçi”)
Duýduryşlar: 37 Ruslan Täjiýew (“Altyn Asyr”) – 62 Wezirgeldi Ylýasow, 90+2 Serdar Gulyýew (“Nebitçi”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | “Arkadag” FK | 3 | 3 | 0 | 0 | 12-1 | 9 |
2. | “Ahal” FK | 4 | 3 | 0 | 1 | 8-4 | 9 |
3. | “Aşgabat” FK | 4 | 2 | 1 | 1 | 4-1 | 7 |
4. | “Şagadam” FK | 4 | 2 | 0 | 2 | 4-4 | 6 |
5. | “Merw” FK | 4 | 2 | 0 | 2 | 3-3 | 6 |
6. | “Altyn Asyr” FK | 3 | 1 | 0 | 2 | 3-6 | 3 |
7. | “Nebitçi” FK | 4 | 1 | 0 | 3 | 3-9 | 3 |
8. | “Köpetdag” FK | 3 | 0 | 2 | 1 | 2-3 | 2 |
9. | “Energetik” FK | 3 | 0 | 1 | 2 | 1-9 | 1 |