KANO-KRISTALES — Kolumbiýada bir derýa bolup, Losado derýasynyň sag goşandydyr. Bu täsin derýa Kolumbiýa döwletiniň merkezi böleginde, And daglarynyň etegindäki Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähiniň meýdan çäginiň içinden akyp geçýär. Onuň uzynlygy 100 kilometre, ini 20 metre barabardyr.
Tebigatyň bu ajaýyp künjegi 1969-njy ýylda çopanlar tarapyndan açyldy. Bu älemgoşar derýasy dünýäniň iň owadan derýasy hasaplanylýar. Bu derýa “Kristal derýasy” ýa-da “bäş reňkli derýa” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi, bu derýanyň düýbünde dürli reňkli suwotularynyň bäş: gyzyl, gök, gara, sary hem-de ýaşyl reňkleri gabat gelýär. Bu reňkler bolsa ýylyň dowamynda howanyň temperaturasyna görä dürli öwüşginleri berýär. Derýanyň reňki esasan kümüşsöw, ýaşyl reňkde bolýar. Ýylyň yssy wagtlarynda bolsa günüň ýiti şöhlesiniň täsiri netijesinde derýanyň düýbündäki suwotular açyk gyzyl, mämişi reňkli öwüşginleri berýär. Derýanyň mohly hem-de çägesöw ýerlerinde düýbündäki suwotular gara hem-de sary reňklere öwrülýär.
Amazonka jeňňelliginiň barmasy kyn bu gözel künjegi 2009-njy ýyldan başlap Kolumbiýa döwletiniň syýahatçy älemşynaslarynyň iň meşhur mesgenine öwrüldi. Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähi ÝUNESKO-nyň tebigy gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu ýerden akýan derýanyň suwunyň düzüminde duzlaryň, minerallaryň hiç bir görnüşleri bolmasa-da suwuň içinde balyklaryň bolmazlygy örän täsindir. Derýa suwundaky täsinlikleri esasan ýylyň gurak wagtynda, has takygy, iýun-noýabr aýlary aralygynda synlamak has hem ýakymlydyr. Kano-Kristales derýasynyň ugrunda birnäçe şaglawuklar, aýlawly guýular bolup, ol ýerler syýahatçylaryň iň söýgüli ýerlerine öwrülipdir.
Bu derýanyň akym ugrundaky basgançakly şaglawuklara ýerli ilat «Basgançak»’ diýip at berýär. Derýa boýlaryndaky dag daşlaryndaky gaýalaryň ýüzünde ir döwürlerde ýaşan indeý taýpalarynyň ilatynyň çeken suratlary gabat gelýär.
Dag gerişlerinden akýan bu ajaýyp derýa Ýer togalagynyň gadymylygyndan habar berýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bu derýanyň ýaşy 1 mln. 200 müň ýyla barabardyr. Ekologik taýdan arassa Serraniýa-de-la — Makarena milli seýilgähinde janly organizmleriň 8 görnüşi, süýrenijileriň 43 görnüşi, amfibiýalaryň 10 görnüşi we guşlaryň 420 görnüşi gabat gelýär.
Taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








