Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda öňe sürülen ,,2028-nji ýyly – Halkara hukuk ýyly” diýen Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Mary welaýatynda maslahat geçirilip, ony Mary welaýat häkimligi, Demokratik we Agrar partiýalaryň welaýat komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Zenanlar bölümi bilelikde gurnady. ,,Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralanýar” ady bilen geçirilen bu maslahatda çykyş edenler halkara hukugyny ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde berkitmäge, şeýle hem Türkmenistan watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde durnukly we halkara hyzmatdaşlygy saklamakdaky möhüm saýasy-hukuk guraly hökmünde mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge esas bolup durýanlygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Bu ýerde çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly her bir güni toý baýramlara beslenýän ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna we Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine buýsanç bilen barylýan günlerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň golaýda geçirilen plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda ,,2028-nji ýyly – Halkara hukuk ýyly” diýip atlandyrmak bilen bagly Kararnamanyň kabul edilmegi hem eziz Watanymyzyň at-abraýynyň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde dabaralanýandygynyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň älem içre uly goldaw tapýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkara hukugy umumyadamzat medeniýetiniň wajyp serişdesidir. Şeýle bolansoň ol halklaryň bir-birini hormatlamaklygyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Ynha bular dogrusynda hem bu günki geçirilen maslahatdaky çykyşlarda aýratyn durlup geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň at-abraýyny belende götermekde uly işleri durmuşa ornaşdyrýan, halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Merjen Çaryýarowa.








