Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz gülläp, gül açýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler kalplarymyzy beýik buýsanja gaplaýar.
Halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamy hem batly depginler bilen ösdürilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerde berilýän bilim-terbiýäniň, ylmyň belent derejede bolmagy guwançly ýagdaýdyr. Biz muny öz zähmet çekýän bakja-bagymyzyň mysalynda hem görýäris. Biziň çagalar bakja-bagymyzda körpeler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Bakja-bagymyzda işleýän terbiýeçiler, enekeler uly zähmet çekmek bilen, körpeleriň bagtyýar, şadyýan ösüp ulalmagy, sowatly nesil bolup ýetişmekleri üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle yhlasly işleýän terbiýeçilere mysal edip, mekdebe taýýarlaýyş uly toparymyzyň terbiýeçileri Jeren Rejepowany, Jemal Akyýewany, Ogulmaral Hapbaýewany görkezmek bolar. Olaryň irginsiz zähmetleri ýerine hem düşýär. Munuň şeýledigine mekdebe taýýarlaýyş uly toparymyzyň körpeleriniň sowatlylyk derejesi güwä geçýär.
“Bilimli nesil — kuwwatly Watan” şygary öňe sürülýän ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem ýaş nesliň sowatlylygyna berilýän ünsüň ýokarydygyny aňladýar. Biz şol bimöçber uly aladadan ugur alyp, bagtyýar döwrümiziň körpe nesillerine döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin yhlasymyzy we zähmetimizi gaýgyrman işleýäris.
Goý, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürip, körpeleriň sowatlylyk derejesiniň ýokary bolmagy üçin uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA.








