Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň welaýat, Mary şäher komitetleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilelikde guradylar. Maslahata TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat kitaphanasynyň başlygynyň orunbasary Gülbahar Nazarowa, institutyň mugallymlary Kerwen Berdiliýew, Merdan Nursähedow çykyş etdiler. Çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy, döwrümiziň ajaýyp ösüşleri, ahalteke bedewleriniň sarpalanyşy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Jumamyrat ATAÝEW.








