Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman, Lukman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediýasynyň 17-nji jiltiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. Bu dabara hormatly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly ensiklopediýasynda giňden beýan edilen ot-çöpleriň dermanlyk häsiýeti, adamlarda gabat gelýän dürli dertleri bejermekdäki ähmiýeti dogrusynda hem-de türkmen topragynda ýetişdirilýän ir-iýmişlerden we dermanlyk ösümliklerden melhemleriň taýýarlanylşy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagta çenli alyp barylan we ýene geljekde edilmeli işler dogrusynda giňişleýin beýan edilendigi barada hem gürrüň etdiler we Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ylmy eserleriň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin uly gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








