Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryny ýaşlara ýetirmek maksady bilen çäre geçirildi. Mekdebiň okuwçylary özleriniň dynç alyş günlerini bisarpa geçirmän mekdebiň baý kitaphanasyna gelip Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryny, mundan başga-da özlerini gyzyklandyrýan çeper eserlerdir, mekdep derslerine degişli kitaplary okap öz bilimlerini has-da artdyrýarlar. Mekdep kitaphanasynyň baý hazynasy ýaş nesli terbiýelemekde ýol-ýörelge bolýar. Çeper okaýyş boýunça geçirilen göwünaçma çäresi hem ösüp gelýän ýaş nesliň yzygiderli kitap okap, bu ugurdaky başarnyklaryny baýlaşdyrýandyklaryny hem-de öz bilimlerini artdyrýandyklaryny aýdyň görkezdi. Soňra mekdep okuwçylary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan atalyk kitaplaryny wasp edýän çykyşlaryny, bu ajaýyp kitaplardan sahna oýunlaryny, tanslary ýerine ýetirmekde özleriniň başarnyklaryny açyp görkezdiler. Çäräniň ahrynda döwrebap mekdeplerde okap, bilim almaga, geljekde ata Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekde döredip berýän şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








