Hoştap howaly şu bahar günlerinde ülkämiziň Garagum sährasy,onuň çägindäki dag-dereler ajaýyp gözelligi özünde jemleýär. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi ýaýlasynyň hem özboluşly täsinligi bilen özüne çekýän ösümlik dünýäsi her bir adamyň kalbynda eziz Diýarymyza bolan egsilmejek buýsanç duýgusyny döredýär. Bahar paslynda nur bolup ýagan bereketli ygallar Pendi ýaýlasyny läle-reýhana besläpdir.Ýaýlada ösüp ýetişen ýüz dürli ot-çöpler gül-gülälekler daş-töwerekde ajaýyp amatly howa gurşawyny emele getirip,hemmeleriň göwnüni göterip keýpiçaglygy döredýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda şol ot-çöpleriň,gül-gülälekleriň, tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetiniň adam saglygyna ýetirýän täsiri, keselleri bejermekdäki, keselleriň öňüni almakdaky bahasyna ýetip bolmajak täsiri barada ýekän-ýekän beýan edilýär.Lukman Arkadagymyzyň şu kitabynda saglygy goraýyş ylmynyň nukdaýnazaryndan berilýän gymmatly maslahatlar, öwüt-ündewler her bir ynsanyň saglygynyň pugtalanmagyna ýardam berýär.Bugün Pendi ýaýlasynyň beýikli pesli baýyrlaryny,depelerini,gollaryny besläp duran gül-gülälekler,tebigy ösümlikler giň ýaýla ýazylan ajaýyp gölli türkmen halysyny ýadyňa salýar.Bahar paslynda ösüp ýetişen şol bereketli ot-çöpler dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli dowam etdirýän Mary welaýatynyň maldarlaryna alynýan ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmäge,bazarlarymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşant goşmakda giň ýardam berer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tebigat gözelliklerini gorap saklamak, olara aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynda möhüm meseleleriň biri hasaplanylýar.Şonuň netijesinde Garaşsyz,baky Bitarap döwletimiziň ekologiýa abadançylygy doly üpjün edilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at- myradyň mekany”şygary bilen atlandyrylan şu ajaýyp ýylymyzda-da baý ösümlik hem haýwanat dünýäsi bolan diýarymyz barha gözel keşbe girýär. Döwletimiziň baý ösümlik hem haýwanat dünýäsini,onuň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak aýawly,tygşytly peýdalanmak barada taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak,belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
Suwhan Kulyýew.








