Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze neşirleriniň — “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly eseriniň çap edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary halkymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle-de, olarda ýurdumyzda her bir ulgamda gazanylýan beýik ösüşler öz aýdyň beýanyny tapýar.
Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 17-nji jildinde hem ýurdumyzda bitýän ösümlikleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri barada beýan edilýär. Kitapda dermanlyk ösümlikleriniň 107-si barada doly maglumat berlip, olaryň her biriniň häsiýetnamasy aýdyň görkezilýär. Bu köp jiltli ajaýyp kitabyň dürli dillerde neşir edilýändigini, olaryň daşary ýurtly okyjylar üçin hem örän täsirlidigini aýratyn bellemek gerek.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Arkadagymyzyň ýene-de bir täze neşiri “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby hünär baýramçylygynda ak ýektaýly lukmanlara ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň, alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany bolan bu kitap 22 bölümden ybarat. Onuň her bir bölüminde beýan edilýän maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ynsan saglygyny goramakda, bejermekde, sagdyn nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bibihatyja HATAMOWA.








