Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde tejribeli tälimçilerden tälim alýan türgenleriň sany ýylsaýyn artýar. Olar ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyryp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Sport mekdebimizde-de ýaşlaryň onlarçasy türgenleşip, etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýarlar.
Muňa agyr atletika boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen ýaryşda türgenlerimiziň gazanan üstünligem şaýatlyk edýär. Agyr atletika boýunça Türkmenistanda birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda-da türgen ýaşlarymyz gowy netijeleri gazandylar. Agyr atletikaçylarymyz Gülzada Berdimuhammedowa 1-nji, Bahargül Döwletowa 2-nji, Jeren Ýeňişowa we Rahat Kuwwadow 3-nji orunlara mynasyp bolup, toparymyzyň üstünligine saldamly goşantlaryny goşdular.
Şatlyk DURDYGYLYJOW.