Ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň bähbitli ýörelgesi özüniň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdyp, gadymy halkymyz bu meselä hemişe uly üns beripdir. Sebäbi, türkmen halky ylymly-bilimli, edep-terbiýeli neslini bagtly ertiriniň ygtybarly kepili hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän nesil hakynda edýän ýadawsyz aladasy möhüm meselede oňyn çözgütlerde özüniň beýanyny tapýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy biz, bilim işgärlerini has-da tijenip, tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle durnukly bilim we mynasyp terbiýe bermekde bilim işgärlerine berk talap bildirilýär. Şeýle talapdan ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary netijeler bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýärler. Men okuwçylara biologiýa dersinden sapak berip, olaryň geçilýän temalary düýpli özleşdirmekleri ugrunda yzygiderli aladalanýaryn. Şu yhlasym bolsa, çagalara biologiýa dersinden sapak bermekde gowy netijeleri gazanmagyma getirýär. Bir hakykaty nygtasym gelýär. Haçan-da, mugallymyň hünär derejesi ýokary bolup, edýän işine yhlas etse, hemme ders hem gyzykly, hem özüne çekiji bolýar. Munuň üçin mugallymyň kärine höwesi, işbaşarjaňlylygy, täzeçilligi zerurdyr. Öňdebaryjy iş tejribesinden netijeli peýdalanmagam, okuw-görkezme esbaplaryny ýerlikli ulanmagam çagalara berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär. Açyk sapaklaryň talaba laýyk geçirilmegem kärdeşlerimiz bilen özara pikir alşyp, birek-biregimizden öwrenmegimize ýardam edýär. Bu bolsa gowy görkezijileriň gazanylmagyna ýol açýar. Biz şanly ýylymyzy uly üstünlikler bilen jemlemekde ähli tagallalary edýäris.
Şirin BAÝMYRADOWA.








