Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halky üçin edýän bimöçber tagallalarynyň miwesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde welaýat gan bankynyň işgärleri hem irginsiz zähmet çekýärler.
Ganyň bejeriş häsiýetlerine öňki döwürlerde hem üns berlipdir. Gadymy döwürlerde-de gan ýaşaýyş güýjüniň çeşmesi hasaplanypdyr we onuň kömegi bilen agyr kesellerden sagalmagyň, saplanmagyň ýollary tapylypdyr. Gan bejeriş serişdesi hökmünde ulanylypdyr. Asuda ýaşaýşyň hem-de ynsan saglygynyň hatyrasyna gan tabşyrmagyň ynsanperwer manysy bar. Bedeniň kesellemeginiň, ýürek-damar keselleriniň, iýmit siňdiriş işiniň bozulmagynyň öňüni almakda, bedende ganyň öz-özünden täzeden döremeginde ganyň uly ähmiýetiniň bardygy tassyklanyldy.
“Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda meýletin gan tabşyrýan her bir adam donor bolup bilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 156-njy maddasy esasynda donorlara ýeňillikler kepillendirilýär. Ýagny, donorlar gan tabşyran günleri işden boşadylýar we olara goşmaça dynç güni berilýär.
Häzirki wagtda bizde ýüzlerçe işjeň donorlar bolup, olar bellenen tertipde gan tabşyrýarlar. Biziň welaýat gan bankymyzda gan we gan önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanylýar. Welaýat gan bankymyzyň işgärleri welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralaryny gan we gan önümleri bilen üpjün etmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak üçin gan tabşyryp, özüne hem il-gününe kömek berýän donorlarymyza guwanýarys.
Ynsan saglygyny goramak babatynda döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglygyny, il-ýurt ähmiýetli tutumly işlerinde hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Çeper ANNADURDYÝEWA.